Zarif: “Dünýädäki güýç merkezleri ABŞ we Ýewropa tarapyndan ugrukdyrylmaýar”

Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif dünýädäki güýç merkezlerinin ABŞ we Ýewropa tarapyndan ugrukdyrylmaýandygyny beýan etdi

1154327
Zarif: “Dünýädäki güýç merkezleri ABŞ we Ýewropa tarapyndan ugrukdyrylmaýar”

Tähran uniwersitetinde geçirilen çärede çykyş eden Zarif: “Dünýä günbataryň täsiri astynda däl. Dünýädäki güýç merkezleri ABŞ we Ýewropa tarapyndan ugrukdyrylmaýar. Dünýä indi özgerdi, häzirki döwürde güýjüň özenini ylym, tehnologiýa, garaşsyzlyk, dini ynanç we jemgyýetçilik ynam emele getirýär” diýdi.

Zarif Saud Arabystanynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň geçen ýyl satyn alan ýaraglary barada-da garaýyş beýan etdi.

Saud Arabystanynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň geçen ýyl jemi 89 milliard dollarlyk ýarag satyn alandygyny ýatladan Zarif: “Sebimizde 100 milliard dollarlk ýarag satdylar. Eýranyň harby býujeti diýseň az hem bolsa näme üçin Eýrandan beýle çekinýärler? Biz öz howpsyzlygymyz üçin öndürýäris, sarp edýäris. Halkara hyzmatdaşlyk şertlerimiz pes hem bolsa ylmy önümçiligimiz diýseň ýokary” diýdi.

Eýranly taplylar habarlar gullugy “İSNA-nyň” habar bermegine görä Zarif ýurdunyň agyr günleri başdan geçirýändigini, emma halka bolan ynamyň geljegi umyt garamak üçin ýeterlikdigini aýtdy.



Degişli Habarlar