Pakistanyň Premýer ministri Prezident Erdogana jaň eder

Pakistanyň Premýer ministri Imran Han, ýurdy bilen Hindistanyň arasyndaky dartgynlygy azaltmakda rol almagy üçin Prezident Rejep Taýýip Erdogana jaň etjekdigini habar berdi

1154558
Pakistanyň Premýer ministri Prezident Erdogana jaň eder

Hindistan bilen başdan geçirilýän dartgynlyk babatynda parlamentde deputatlara we senatorlara maglumat beren Imran Han: "Dostlarymyz bilen gatnaşykda bolarys we dartgynlygyň azaldylmagynda rol oýnamaklaryny isläris. Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine şonuň bilen bagly jaň ederin" diýip habar berdi. 

Pakistanyň Premýer ministri Imran Han, göz tussaglygyndaky hindi uçarman Abhinandan Warthamanyň ertir parahatçylykly niýetleriniň görkezijisi hökmünde azat ediljekdigini belläp, düýn agşam Hindistanyň Premýer ministri Narendra Moda jaň edendigini, emma gürleşip bilmändigini mälim etdi. 

Imran Han: "Dartgynly ýagdaý biziňem Hindistanyňam bähbidine däl. Ýalňyşlyklar sebäpli ýurtlar zyýan çekdi. Söweş asla çözgüt däl. Hindistan bir ädim etse, biz hem öz gezegimizde ädim ederis" diýdi. 

Halkara jemgyýetden dartgynlygyň azaldylmagynda rol oýnamagyny islän Han: "Halkara jemgyýet dartgynlygyň bu nokatdan has hem ýokary çykmazlygy üçin rol aljakdygyny umyt edýärin" diýdi. 

 



Degişli Habarlar