Hindistan göz tussaglygyna alynan uçarmanynyň yzyna gaýtarylyp berilmegini isleýär

Hindistan, Pakistanda göz tussaglygyna alynan uçarmanynyň Ženewa ylalaşygynyň çäginde ýurda gaýtarylyp berilmegi üçin tagalla edýär

1154336
Hindistan göz tussaglygyna alynan uçarmanynyň yzyna gaýtarylyp berilmegini isleýär

Hindistanyň Daşary işler ministrliginden jogapkär Döwlet ministri Wijaý Kumar Singh, Pakistanyň Harby-howa güýçleri tarapyndan urulyp ýere gaçyrylan uçaryň uçarmanynyň ýurda gaýtarylyp berilmegi üçin tagalla edýändiklerini habar berdi.

II Jahan urşyndan soň 1949-njy ýylda taýýarlanan Ženewa ylalaşygy, söweş mahaly asuda ilatyň goralmagy we ýesir alynan adamlara gowy garalmagyny öz içine alýar.

Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlyk 2 hepde ozal artmaga başlapdy.

Hindistanda 14-nji fewralda hakyna tutma esgerleri daşaýan ulag kerweniniň nyşana alynyp guralan hüjümde 44 esger ýogalypdy, 20 esger bolsa ýaralanypdy. Täze Deli hüjüm bilen bagly Pakistany günäkärledi. Hüjümi ýazgaran Pakistan bolsa günäkärlemäni ret etdi.

Hindistan 26-njy fewralda Kaşmir gözegçilik liniýasynyň Pakistan tarapyndaky Jeýşi Muhammed guramasyna degişli baza howa hüjümini gurady.

Pakistan iki ýurdyň arasyndaky dartgynlykdan soň, düýn irden howa giňişligini bozandygyny öňe sürüp, Hindistana degişli 2 harby uçary uryp ýere gaçyrdy.

Hindistan hem öz gezeginde, Pakistana degişli bir harby uçary ýere gaçyrandygyny habar berdi, resmi Yslamabad bolsa bu habary tassyklamady.

Pakistanyň hökümetiniň we goşunynyň dartgynlygy artdyrmak islemeýändigi baradaky beýanatyndan soň, dartgynlyk öz ýerini ätiýaçly garaşma berdi.

Türkiýe, ÝB, Germaniýa, Britaniýa, Hytaý we Russiýa taraplary sowukganlylyga çagyrypdy.


Etiketkalar: #Hindistan , #Pakistan , #uçarman

Degişli Habarlar