Çadyň Prezidenti Prezident Erdogan bilen duşuşyk geçirdi

Çadyň Prezidenti Idris Debi Itno: “Terrorizm döwrümiziň we bu asyryň gyrgynydyr” diýdi

1154027
Çadyň Prezidenti Prezident Erdogan bilen duşuşyk geçirdi

Resmi sapar bilen paýtagt Ankara gelen Idris Debi Itno, Prezident Erdogan bilen ikiçäk we toparara gepleşikler geçireninden soň umumy metbugat ýygnagyna gatnaşdy.

Idris Debi Itno, ol ýerde eden çykyşynda, terrorçydygyny bilmeýän adamlar bilen ylalaşyklar baglaşandyklaryny, Türkiýäniň kömegi saýasynda habardar bolandyklaryny belläp: “Biziň bilelikdäki göreşimiz iki tarapyňam terrorizmiň köküniň sogrulmagyny üpjün etjekdigini pikir edýärin. Bu mesele döwrümiziň we bu asyryň gyrgynydyr” diýip habar berdi.

Taraplaryň hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda bildirýän umumy ygtyýardan hoşaldygyny aýdan Itno, Türkiýä ministrler we hususy pudagyň wekilleri bilen gelendiklerini beýan etdi.


Etiketkalar: #Çad , #Erdogan

Degişli Habarlar