Russiýa, Hindistany we Pakistany sowukganlylyga çagyrdy

Russiýa, Pakistan bilen Hindistanyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlyga örän alada bildirýändiklerini belläp, taraplary sowukganylyga çagyrdy

1153630
Russiýa, Hindistany we Pakistany sowukganlylyga çagyrdy

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow, ýurdyň paýtagty Moskwada Pakistan bilen Hindistanyň arasynda soňky günlerde başdan geçirilýän hadysalar barada metbugat işgärlerine beýanat berdi.  

Sebitdäki hadysalary ýakyndan gözegçilik edýändiklerini bellän Peskow: “Gelýän habarlara örän alada bildirýäris. Ähli taraplara dartgynlygyň azaldylmagy üçin sowukganlylyga çagyrýarys” diýip habar berildi.

Hindistan bilen Pakistanyň arasyndaky dartgynlyk 2 hepde ozal artmaga başlapdy.

Hindistanda 14-nji fewralda hakyna tutma esgerleri daşaýan ulag kerweniniň nyşana alynyp guralan hüjümde 44 esger ýogalypdy, 20 esger bolsa ýaralanypdy. Täze Deli hüjüm bilen bagly Pakistany günäkärledi. Hüjümi ýazgaran Pakistan bolsa günäkärlemäni ret etdi.

Hindistan 26-njy fewralda Kaşmir gözegçilik liniýasynyň Pakistan tarapyndaky Jeýşi Muhammed guramasyna degişli baza howa hüjümini gurady.

Pakistan iki ýurdyň arasyndaky dartgynlykdan soň, şu gün irden howa giňişligini bozandygyny öňe sürüp, Hindistana degişli 2 harby uçary uryp ýere gaçyrdy.

Ondan soň bolsa Pakistanyň Raýat awiasiasy howa giňişligini ähli uçarlar üçin ýapdy.

Hindistan bolsa Jammu Keşmir sebitindäki Srinagar, Jammu we Leh howa menzilleri bilen Harýana we Penjap ştatlarynyň umumy merkezi bolan Çandigarh howa menzilini, Penjap ştatyndaky Amristar howa menzillerini uçar saparlaryna ýapdy.



Degişli Habarlar