Eýranyň deputatlary Ruhana, Zarifiň wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny kabul etmezligini isledi

Eýranyň Mejlisindäki 150 deputat, Prezident Hasan Ruhaniden, ýurdyň Daşary işler ministri Jewad Zarifiň wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny kabul etmezligini isledi

1152709
Eýranyň deputatlary Ruhana, Zarifiň wezipesinden çekilmek baradaky arzasyny kabul etmezligini isledi

Mejlisdäki Milli howpsyzlyk we Daşary syýasat komissiýasynyň metbugat geňeşçisi we reformist deputat Ali Nejefi Hoşrudi, metbugat işgärlerine beren baýanatynda, deputatlaryň aglabasynyň Zarifiň wezipesinde galmagyny isleýändigini belläp, Prezident Ruhana bu babatda bir hat iberilendigini mälim etdi.

Mejlisdäki Milli howpsyzlyk we Daşary syýasat komissiýasynyň agzasy Mustafa Kewakebiýan hem Zarifiň wezipesinde galmagy üçin 150 deputatdan gol alandyklaryny habar berdi.

Eýranyň mejlisinde 290 deputat bar.

Zarif, düýn beren beýanatynda, wezipesini dowam etdirip bilmejekdigini aýan edipdi.

Sosial mediada berilýän habarlarda, Siriýanyň lideri Başar Asadyň Tährana guran saparynyň Zarife habar berilmändigi we Zarifiň bu hereketden nägiledigini görkezmek üçin bu karara gelendigi öňe sürüldi.


Etiketkalar: #Eýran , #Jewad Zarif

Degişli Habarlar