Putiniň Owganystan boýunça şahsy wekili “Anadoly” habarlar gullugyna interwýu berdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Owganystan boýunça şahsy wekili Zamir Kabulow 2019-njy ýylyň Owganystanyň parahatçylygy taýdan kesgitleýji boljakdygyny aýtdy

Putiniň Owganystan boýunça şahsy wekili “Anadoly” habarlar gullugyna interwýu berdi

Kabulow interwýusynda: “Parahatçylyk tapgyrynyň depgini güýçlenýär. Ol bizde Owganystandaky parahatçylygyň hakykatdan hem üpjün edilmegi taýdan gowy netijeleriň gazanylmagy taýdan umyt döredýär” diýdi.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça şahsy wekili Zalmaý Halilzadyň ABŞ-nyň uzak dowam eden uruşdan çykmak ugrunda ylalaşmak üçin ýokary tagalla edýandigine ünsi çeken Kabulow: “Emma aýtmak aňsat, etmek kyn. Yza çekilmek, Taliban tarapyndan goýulan köp sanly şert bar. ABŞ tarapynda-da esgerleriň gysga möhletde yza çekilmeginiň boşluk emele getirme, howp döretmek aladasy bar. Beýleki tarapdan Owganystandaky 14 müň Amerikan esgeri çaknyşmaýar. Çaknyşýan esasan olaryň howa güýçleri. Eger şol 14 müň esger yza dolansa şertler özgerer” diýdi.

Zamir Kabulow ABŞ-nyň Sowet Soýuzynyň Owganystanda yza çekiliş usulyndan nusga alynyp bilinjekdigini teklip etdi.

Resmi Moskwanyň Waşington bilen Talibanyň arasyndaky gepleşikleri goldaýandygyny belläp, taraplaryň arasynda ylalaşyk gazanylmasa Owganystan üçin ýerlikli netijeleriň gazanylmagynyň mümkin bolmajakdygyny nygtan Kabulow, owgan hökümetini ykrar etmeýän Talibanyň sarpa goýýan adamlaryndan biri häkimiýet başyna gelen halatynda çözülip bilinjekdigini aýtdy.

 



Degişli Habarlar