Gresiýada täze ýyldan bäri gripp sebäpli 74 adam ýogaldy

Gripp sebäpli hassahanalara ýüz tutan 274 adamdan 264-niň bejergisi dowam edýär

1150548
Gresiýada täze ýyldan bäri gripp sebäpli 74 adam ýogaldy

 

Gresiýada täze ýyldan bäri H1N1 wirusy sebäpli ýogalanlaryň sany 74 adama ýetdi.

Gresiýanyň Hassalyklara garşy göreş merkezi tarapyndan berlen beýanatda, soňky bir hepde-de gripp epidemiýasy sebäpli bejergi alýan ýene-de 18 adamyň ýogalandygy nygtaldy

Şeýlelikde gripp sebäpli ýogalanlaryň sany 74 adama ýetdi.

Beýanatda gripp sebäpli ýogalanlaryň ortaça 65 ýaşyndadygy bellenildi.

Gripp sebäpli hassahanalara ýüz tutan 274 adamdan 264-niň bejergisiniň dowam edýändigi bellenildi.

Gresiýanyň Hassalyklara garşy göreş merkeziniň başlygy Rozenberg halka grippe garşy sanjym edilmegi we mejbur bolmadykça daşary çykmazlyklary barada duýduryş berdi.

 




 

 

 

 


Etiketkalar: #gripp , #Gresiýa , #bejergi

Degişli Habarlar