“ABŞ alyp barýan syýasatlary bilen Ýewropanyň howpsyzlygyny zamun aldy”

Lawrow, ýurdunyň ÝB-ne agza ýurtlar bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmäge taýardygyny belledi

“ABŞ alyp barýan syýasatlary bilen Ýewropanyň howpsyzlygyny zamun aldy”

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, “ABŞ alyp barýan syýasatlary bilen Ýewropanyň howpsyzlygyny zamun aldy” diýdi.

Lawrow paýtagt Moskwada ABŞ-nyň alyp barýan syýasaty we ýurdunyň ÝB-ne agza ýurtlar bilen edýän gatnaşyklary hakynda maglumat berdi.

NATO-nyň Ýewropadaky harby hereketleriniň artandygyna ünsi çeken Lawrow, “NATO, giňelmek syýasatynyň çäginde Makedoniýany, Ukrainany we Gruziýany özüne çekmäge çalyşýar” diýdi.

ABŞ-nyň bolsa Orta menzilli atom güýçler şertnamasyndan çekilmek barada karar kabul edendigini ýatladan Lawrow, “ABŞ alyp barýan syýasaty bilen Ýewropanyň howpsyzlygyny zamun aldy” diýdi.

Lawrow, ýurdunyň ÝB-ne agza ýurtlar bilen edýän gatnaşyklaryny ösdürmäge taýardygyny belledi.

Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow, “Russiýa bilen ÝB-niň arasyndaky söwda mukdary geçen ýyl 20 göterim artyp 300 milliard dollara barabar boldy. ÝB Russiýa goýan embagolaryndan ýüz öwürmeli” diýdi.




 

 

 


Etiketkalar: embargo , Sergeý Lawrow , NATO , Russiýa

Degişli Habarlar