Bangladeşde taryhy binalaryň ýerleşýän zolagynda bolan ýangynda 69 adam ýogaldy

Ýangynda ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär

1149467
Bangladeşde taryhy binalaryň ýerleşýän zolagynda bolan ýangynda 69 adam ýogaldy

Bangladeşiň paýtagty Dakkada taryhy binalaryň ýerleşýän zolagynda bolan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä 69 adam ýogaldy.

Ýangyn söndüriş edarasynyň müdüri Ali Ahmed, şäheriň Gadymy Dakka ady berlen zolakdaky Çawkbazar etrapçasynda düýn gije bir binada başlan ýangynyň, ammarlarynda himiki madda we plasmas bolan beýleki binalara hem çaltlyk bilen ýaýrandygyny mälim etdi.

Çawkbazar etrapçasynyň ýaşaýyş jaýlarynyň, dükanlaryň we ammarlaryň ýerleşýän dar köçelerinde bolan ýangynda ilkinji kesgitlemelere görä, 69 adamyň ýogalandygy nygtaldy.

Ýanan binalaryň habaralygynda köp sanly adamyň bardygy sebäpli ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýär.

Ýangyn 9 sagat dowam eden söndüriş işlerinden soň umuman alnanda gözegçilik astyna alyndy.

 

 

 


Etiketkalar: #Bangladeş , #paýtagt , #ýangyn

Degişli Habarlar