Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Hindistanda saparda bolýar

Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selman, iki gün dowam etjek Hindistan saparynyň iki ýurdyň arasynda ençeme ýüze ýyl bäri dowam edýän gatnaşyklary özgertjekdigini beýan etdi

Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Hindistanda saparda bolýar

Pakistandan soň Hindistana geçen Muhammed Bin Selman, Täze Delide Hindistanyň Döwlet başlygy Ram Nath Kowind tarapyndan resmi dabara bilen garşylandy.

Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selman, Prezident köşgünde beren gysgaça beýanatynda: “Şu gün bu gatnaşygyň, iki ýurdyň gowlygy üçin dowam etdiriljekdigine we ösdüriljekdigine göz ýetirmek isleýäris. Döwlet başlygynyň we Premýer ministriň liderliginde Saud Arabystany we Hindistan üçin uly işler edip biljekdigimize ynanýaryn” diýdi.

Muhammed Bin Selmanyň saparynyň çäginde Premýer ministr Narendra Modi bilen duşuşmagyna we iki ýurdyň arasynda tapawutly ugurlarda şertnamalar baglaşylmagyna garaşylýar.

Modi özüni Twitter hasabyndan: “Hindistan, Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selmany kabul etmekden hoşal” diýip belledi.

Saud Arabystany bilen Hindistanyň arasynda geçen ýyl 27,5 milliard dolarlyk söwda gatnaşygy edildi.



Degişli Habarlar