Eýranyň Prezidentiniň dogany galplyk etmekde aýyplanýar
Feridun bilen birlikde 4 adam gaplyk etmekde aýyplanýandygy sebäpli düşündiriş berdi

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň dogany Hüseýin Feridun “galplyk” etmekde aýyplanýar.
Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, ozal Prezident Ruhaniniň kömekçisi wezipesini ýerine ýetiren dogany Feridun bilen birlikde 4 adam gaplyk etmekde aýyplanýandygy sebäpli düşündiriş berdi.
Feridun 2017-nji ýylyň iýun aýynda galplyk edendigi sebäpli tussag edilipdi emma soň jerimesini töländigi sebäpli boşadylypdy.
Ozalky diplomat Feridun 1989-1997-nji ýyllaryň arasynda Eýranyň Kuala Lumpurdaky ilçisi wezipesini ýerine ýetiripdi.
Feridun ýurtdaky oppozisionerler tarapyndan “galplyk etmekde, para almakda we wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplanýar”
Prezident Ruhana ýakyn töwerekler bolsa Feriduna töhmet atylýandygyny we onuň syýasy maksat bilen atylýandygyny öňe sürýär.
Degişli Habarlar

Braziliýada kiçi uçar ýere gaçdy
Braziliýanyň San-Paulu şäherinde kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 2 adam ýogaldy