Hytaýyň Wise-premýeri ABŞ-e sapar gurar

Hytaýyň Söwda ministrligi, Wise-premýer Liu Hynyň söwda gepleşikleriniň 7-nji maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-e gitjekdigini habar berdi

1148275
Hytaýyň Wise-premýeri ABŞ-e sapar gurar

Ministrlik tarapyndan berilen maglumata görä, Wise-premýer Liu Hy, Hytaýyň Döwlet başlygy Si Szinpiniň ýörüte wekili hökmünde 21-22-nji fewral aralygynda ABŞ-e gidip, ol ýerde geçiriljek Ýokary derejeli Hytaý-ABŞ gepleşiklerine gatnaşar.

Liu gepleşikleriň çäginde ABŞ-niň Gazna ministri Stiwen Mnuçin we Söwda ministri Robert Laýthaýzer bilen duşuşyklar geçirer.

Hytaýda 14-15-nji fewralda geçirilen söwda gepleşiklerinde iki tarapyň umumy bähbitleri bolan tehnologik tabşyryklar, intellektual eýeçiligiň hukuklarynyň goralmagy, salgyt ýeňilligi, hyzmat we oba-hojalyk pudaklary, söwda deňagramlylygy ýaly ugurlarda gepleşikler geçirilendigi we esasy ugurlar boýunça umumy pikire gelinendigi beýan edilipdi.

Hytaýyň Döwlet başlygy Si Szinpin hem ABŞ-niň Gazna ministri Stiwen Mnuçini we Söwda ministri Robert Laýthaýzeri gepleşikleriň çäginde kabul edip, ABŞ-e: “Hyzmatdaşlyk iki tarapyň hem bähbidine, çaknyşyk iki tarapy hem ýaralar. Hyzmatdaşlyk iň gowy wariant” diýip çagyryş beripdi.


Etiketkalar: #Hytaý , #ABŞ

Degişli Habarlar