Pakistan Eýranyň günorta-gündogaryndaky hüjüm bilen bagly Tährana wekiliýet iberer

Pakistanyň Daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi, Eýranyň günorta-gündogaryndaky hüjüm bilen bagly Tährana wekiliýet iberjekdiklerini mälim etdi

1147137
Pakistan Eýranyň günorta-gündogaryndaky hüjüm bilen bagly Tährana wekiliýet iberer

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda berilen habarlara görä, Kureşi bilen Daşary işler ministri Jewad Zarif telefon arkaly söhbetdeş boldular.

Sistan-Buljystan welaýatynda Ynkylap goragçylarynda 27 esgeriň ýogalmagy bilen netijelenen kamikaze hüjümini ýazgaran Kureşi, eýranly resmiler bilen gepleşikler geçirmek üçin Pakistandan ýörüte bir wekiliýetiň Tährana iberiljekdigini habar berdi.

Kureşi, wakanyň derňelmegi we terrora garşy göreş üçin Pakistanyň Eýran bilen hyzmatdaşlyga taýýardygyny beýan etdi.

Eýranyň günorta gündogarynda Sistan-Buluçistan welaýatynda Eýranyň Ynkylap goragçylaryny alyp barýan awtobusa guralan terrorçylykly hüjümde 27 esger ýogalypdy, 13 esger hem ýaralanypdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Jeýşul Adl” atly gurama öz üstüne aldy.


Etiketkalar: #Pakistan , #Eýran

Degişli Habarlar