Sary ýeňsizlileriň Fransiýadaky protestleri dowam edýär

Fransiýada ýurdyň paýtagty Pariž başda bolmak bilen ülkäniň tapawutly şäherlerinde ýaňadandan köçelere çykan Sary yeňsizliler topary Prezident Emmanuel Makronyň we hökümetiň syýasatyny protest etdiler

Sary ýeňsizlileriň Fransiýadaky protestleri dowam edýär

Sary ýeňsizlileriň Prezident Emmanuel Makronyň we hökümetiň syýasatyna garşy geçiren protest aksiýalar, 14-nji hepdede giň gerimli howpsyzlyk çäreleriniň astynda geçirildi.

Parižde Champs-Elysees köçesinde bir ýere jemlenen demonstrantlar, şähere tarap ýöräp başladylar. Protest ýörüşinde demonstrantlar bilen polisiýa işgärleriniň arasynda dartgynlyklar başdan geçirildi. Sary ýeňsizliler Inwalides meýdançasyna gelen mahaly, polisiýa işgäleri daş we çüýşe zyňan demonstrantlara garşy gözüňi ýaşardýan gaz ulandy.

Parižiň Içeri işler edarasy ýurdyň paýtagtyndaky demonstrasiýalarda 16 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdi.

Ýurdyň Lion şäherindäki protestlerde demonstrantlaryň A7 ýoluny ýapmagy, ulaglaryň hereketlerinde bökdençlikler emele getirdi.  

Bordo, Tuluza, Marsel, Nant, Starsburg, Nissa we Sent-Etýen ýaly şäherlerde hem protestler geçirildi.

Içeri işler ministrliginiň berýän habaryna görä, ýurtdaky protestlere Parižde 3 müň bolmak bilen jemi 10 müň 200 adam gatnaşdy.

2018-nji ýylyň 17-nji noýabryndan bäri dowam edýän protestler, ýurtda soňky ýyllaryň iň uly protestleri hökmünde bellige alyndy.

Protestlerde 11 adam ýogaldy we 2 müňden gowrak adam ýaralandy, 8400 adam göz tussaglygyna alyndy, 1796 adam azatlykdan mahrum edildi.

Protestler ýurdyň ykdysadyýetine uly zyýan ýetirdi. Protestler sebäpli işsiz galan adamlaryň sany 72 müň 675 adama ýetdi, protestleriň döwlete çykdajysy 38 million ýewro boldy.



Degişli Habarlar