Awstraliýada adamlaryň birini akula dişledi

Awstraliýanyň Täze Günorta Uels ştatyndaky Bolongil diýilen ýeriň kenarynda akulanyň hüjümine sezewar galan bir adam hassahana alynyp gidildi

Awstraliýada adamlaryň birini akula dişledi

Täze Günorta Uels ştatynyň Polisiýa gullugyndan berilen beýanatda, Byron Baý sebitindäki Belongil kenarynda irden dostlary bilen ýüzýän bir adamy akulanyň dişländigi mälim edildi.

Kenara takmynan 15 metr uzaklykda bolan wakada, akulanyň dişlemegi netijesinde aýagyndan ýaralanan 41 ýaşyndaky adamyň, sýorfing tagtasynyň üstünde ýüzüp, kenara çykandygy habar berildi.

Kenardaky ilkinji kömekden soň ýaralanan adamyň Gold Koast uniwersitetiniň hassahanasyna alynyp gidilendigi beýan edildi.


Etiketkalar: kenar , akula , Awstraliýa

Degişli Habarlar