Terror guramas ÝPG/PKK, Siriýada DAIŞ-iň elindäki soňky merkeziň gözegçiligini ele geçirdi

ABŞ-nyň ÝPG/PKK goldaw bermegi üçin hiç hili bahanasy galmady

1146412
Terror guramas ÝPG/PKK, Siriýada  DAIŞ-iň elindäki soňky merkeziň gözegçiligini ele geçirdi

ABŞ tarapyndan goldanýan ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK, Siriýada Ýefradyň gündogarynda DAIŞ-iň elindäki soňky merkeziň gözegçiligini ele geçirdi.

ÝPG/PKK, ABŞ-nyň goldaw bermeginde Ýefrat derýasynyň gündogarynda DAİŞ-iň gözegçiligi astynda bolan ähli etrapçalary basyp aldy.

Şeýlelikde ABŞ-nyň ÝPG/PKK goldaw bermegi üçin hiç hili bahanasy galmady.

Ýerli çeşmeleriň berýän maglumatyna görä, ÝPG/PKK bilen ABŞ, Siriýa-Yrak serhedinde ýerleşýän Deýrizor welaýatynyň Bagoz etrapçasynda çykgynsyz ýagdaýa düren DAIŞ-li topar bilen agşamara ylalaşyk gazandy.

DAIŞ-li 500 terrorçy boýun egmegi kabul etdi.

Beýleki tarapdan Bagoz etrapçasyndan zenanlardan we çagalardan ybarat asuda ilat hem çykarylýar.

Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky soňky etrapçasyny hem ýitiren DAIŞ-iň basyp alan ýerleri 2 göterime çenli azaldy

Terror guramasy ÝPG/PKK bolsa Siriýanyň territoriasynyň 28 göterimini basyp aldy.

 

 

 

 



Degişli Habarlar