Mýunhen Howpsyzlyk maslahaty şu gün başlaýar

Dünýäniň iň uly syýasy platformalaryndan biri bolan Mýunhen Howpsyzlyk maslahaty şu gün başlaýar

1146038
Mýunhen Howpsyzlyk maslahaty şu gün başlaýar

Türkiýä Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň wekilçilik etjek we 17-nji fewrala çenli dowam etjek maslahat, Germaniýanyň Mýunhen şäherinde geçiriler.

Mýunhen Howpsyzlyk maslahatynyň gün tertibinde, Breksit, Ýewropada artýan aşa rasizm, ÝB-niň özüni goramagy, Transatlantik hyzmatdaşlyk we Dünýäniň ägirtleriniň arasynda uly güýç bäsdeşliginiň täze döwri we bolmagy ähtimal täsirleri bolar.

Syýasat, ykdysadyýet we razwedka ugurlarynyň ýokary derejeli wekillerini bir ýere jemleýän maslahata şu ýyl 35 ýurdyň hökümet we döwlet ýolbaşçysy bilen 50-den gowrak daşary işler ministriň we 30 goranmak ministriň gatnaşmagyna garaşylýar.

Mýunhen Howpsyzlyk maslahatynda ÝB-niň Howpsyzlyk syýasatynyň geljegi, Russiýa, Ukraina, Orta Gündogar we Hytaý bilen baglanşykly meseleler bilen birlikde klimat çalşygynyň howpsyzlyga täsiri ýaly meseleler hem ara alynyp maslahatlaşylar.  


Etiketkalar: #Mýunhen , #maslahat

Degişli Habarlar