Hindistanda ýasama spirtli içgiler sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Hindistanda ýasama spirtli içgiler sebäpli ýogalan adamlaryň sany 99-a ýetdi

1142785
Hindistanda ýasama spirtli içgiler sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artýar

Ýurdyň metbugatynda berilýän habara görä, Polisiýa gullugynyň resmileri ýurdyň demirgazykdaky ştatlary bolan Uttar Pradeş we Uttarakhann ştatlarynda ýasama spirtli içgiler sebäpli ýene-de 60 adamyň ýogalmagy bilen, soňky birnäçe günüň dowamynda ýogalanlaryň sanynyň 99-a ýetendigini habar berdiler.

Ýasama spirtli içgiden zäherlenen köp sanda adamyň hssahanalarda bejergi astyna alynandygyny aýdýan resmiler, ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýändiklerini mälim etdiler.

Waka bilen baglanşykly 200 adamyň göz tussaglygyna alynandygy beýan edildi.



Degişli Habarlar