Eýranyň Huzistan welaýatynda guralan hüjümiň jogapkärleri tussag edildi

Eýranyň Huzistan welaýatynyň Içeri işler edarasynyň müdüri Haýdar Abbaszade, 2 hepde ozal Huzistanda 3 howpsyzlyk gullukçysynyň öldürilmegi bilen netijelenen hüjüm bilen baglanşykly 9 adamyň göz tussaglygyna alynandygyny mälim etdi

1143541
Eýranyň Huzistan welaýatynda guralan hüjümiň jogapkärleri tussag edildi

Abbaszade: “Huzistan welaýatynyň Içeri işler edarasy bilen Razwedka gullugynyň bilelikdäki operasiýasy netijesinde Mahşehr şäherinde 2 hepde ozal 1-i esger, 2-si polisiýa işgäri jemi 3 adamyň öldürilmegi bilen netijelenen hüjüm bilen baglanşykly 9 adam göz tussaglygyna alyndy” diýdi.

Abbaszade, göz tussaglygyna alynan adamlar bilen birlikde hüjümde ulanylan 2 tüpeňiň we 1 mikroawtobusyň hem ele salynandygyny habar berdi.

Eýranyň günorta-günbataryndaky Huzistan welaýatynda 26-njy ýanwarda 3 howpsyzlyk gullukçysy sezewar bolan ýaragly hüjümde ýogalypdy.

Mahşehr şäheriniň Seduki köçesinde bir ulagyň içinden açylan odyň netijesinde öldürilen howpsyzlyk gullukçylarynyň biriniň esgerdigi, beýleki ikisiniň bolsa polisiýa işgärleri bolandygy beýan edildi.


Etiketkalar: #Eýran , #Huzistan , #hüjüm

Degişli Habarlar