“ABŞ Eýrandan ötünç soran halatynda kabul ederis”
Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani: “Eger ABŞ toba edip, Eýrana garşy alyp baran işleri sebäpli ötünç sorasa, biz ony kabul etmäge taýar” diýdi
Paýtagt Tähranda ilçiler we diplomatlar bilen geçirilen maslahatda çykyş eden Ruhani, ABŞ-nyň Eýran syýasaty barada durup geçdi.
Daşarky güýçleriň sebitäki işlerini bes edip, gitmelidigini beýan eden Ruhani: “ABŞ-nyň maksadyna asla ýetmejekdigini” aýtdy.
ABŞ-nyň “gündogardaky super güýje garşy sebitdäki esasy hyzmatdaşyny ýitirendigini” beýan eden Hasan Ruhani; “ABŞ Eýran bilen gatnaşyklaryny kadalaşdyrmak üçin soňky 40 ýylda ähli mümkinçiliklerinden peýdalandy, emma netije bermedi” diýdi.
Ruhani ABŞ-Eýran gatnaşyklarynyň geljegi barada bolsa: “Biziň şygarymyz bütin dünýä bilen dostlukly gatnaşyk etmek. Eger ABŞ toba edip, Eýrana garşy alyp baran işleri sebäpli ötünç sorasa, biz ony kabul etmäge taýar” diýdi.
Degişli Habarlar
Gazada Ýogalanlaryň Sany Artýar
Gaza Sektoryna guralýan hüjümlerde ýogalanlaryň sany 46 müň 645 adama ýetdi.