Larijani 50 müň tussagyň günäsiniň geçiljekdigini beýan etdi

Eýranyň Kazyýetiniň ozalky başlygy Sadyk Larijani ynkylabyň 40 ýyllygy mynasybetli 50 müň tussagyň günäsiniň geçiljekdigini aýtdy

1138718
Larijani 50 müň tussagyň günäsiniň geçiljekdigini beýan etdi

Paýtagt Tähranda ýokary kazyýetiň gullukçylary bilen geçirilen maslahatda çykyş eden Larijani ynkylabyň 40 ýyllygy mybasybetli çykaryljak günägeçişlik barada maglumat berdi.

Larijani 50 adamyň günäsiniň geçilmegini göz öňünde tutýan düzgünnama dini lider Ali Hamaneýiň umuman oňyn garaýandygyny beýan etdi.

Sadyk Larijani günägeçişligiň “syýasy tussaglara” degişli edilmegi baradaky talaplar barada bolsa: “Gynansagam käbirleri bu başlangyjy syýasylaşdyrýar we günägeçişligiň “syýasy tussaglarada” degişli bolmagynyň has ýerlikli boljakdygyny beýan edýär. Emma bizde syýasy tussag ýok. Beýleki bir gatlak günägeçişligiň analitiklerede degişli bolmagyny isleýär. Olaryň pikiriçe adamlar diňe tankyt edendikleri üçin tussag edildi. Beýle zat ýok. Kazyýet hiç haçan tankyt edeni üçin raýatlary yzarlamady” diýdi.

Eýranyň Konstitutsiýasynyň 110-njy maddasynyň 11-nji bendine laýyklykda Hamaneýiň tussaglaryň günäsini geçme ygtyýary bar.



Degişli Habarlar