Eýranyň günorta günbatarynda ýerleşýän 400 oba suw ýetmezçiligini başdan geçirýär

Saidi döwlet tarapyndan welaýata hiç hili ähmiýet berilmeýändigini nygtady

1138331
Eýranyň günorta günbatarynda ýerleşýän 400 oba suw ýetmezçiligini başdan geçirýär

Eýranyň günorta günbatarynda ýerleşýän Sistan we Buluçystan welaýatynda 400 oba suw ýetmezçiligini başdan geçirýär.

Eýranly talyplaryň ISNA habarlar gullugyna beýanat beren Çabahar şäher mejlisiniň başlygy Maineddin Saidi 400 obanyň suw ýetmezçiligini başdan geçirýändigini aýtdy.

Saidi, Sistan we Buluçystan welaýatynda ýerleşýän Çabahar şäheriniň strategik ähmiýetine ünsi çekdi we “ sebitiň galkynyşy üçin suw ýetmezçiligi meselesi çözülmeli” diýdi.

Saidi döwlet tarapyndan welaýata hiç hili ähmiýet berilmeýändigini nygtady.

Saidi “ Huzistan welaýatynda ýada Urmiýe kölünde suw ýetmezçiligi başdan geçirlen mahaly gyssagly işe girişilýär. Emma Sistan we Buluçystan welaýatynyň kenarýaka zolagynda ýerleşýändigine garamazdan 50 ýyldan bäri suw ýetmezçiligi başdan geçirilýär”diýip belledi.

 

 

 



Degişli Habarlar