Gresiýanyň Premýer ministri Türkiýä sapar gurar

Gresiýanyň Premýer ministri Aleksis Çipras, 5-6-njy fewral aralygynda Türkiýä iki günlik sapar gurar

1136742
Gresiýanyň Premýer ministri Türkiýä sapar gurar

Gresiýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Dimitris Çanakapulos geçiren metbugat ýygnagynda, žurnalistleriň soraglaryna jogap berdi.

Dimitris Çanakapulos: “Premýer minstr Aleksis Çipras, Türkiýäniň Prezidentiniň çakylygyna laýyklykda, 5-6-njy fewral aralygynda Türkiýede saparda bolar” diýip habar berdi.

Saparyň ilkinji gününde Çiprasyň, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan tarapyndan kabul ediljekdigini aýdan Dimitris Çanakapulos, duşuşykdan soň metbugat ýygnagynyň we agşam naharynyň beriljekdigini mälim etdi.

Dimitris Çanakapulos mundan başgada Premýer minstr Aleksis Çiprasyň 6-njy fewralda Stambula geçip, Fener grek patriarhy Bartolomeos bilen duşuşjakdygyny habar berdi.



Degişli Habarlar