ÝB-ne agza ýurtlaryň wiza tölegleri 80 ýewro  bolar

Ýewropa Parlamenti ÝB-niň wiza düzgünleriniň üýtgedilmegi boýunça Ýewropa Geňeşi bilen geçirilen gepleşiklerde ylalaşylandygyny beýan etdi

1135507
ÝB-ne agza ýurtlaryň wiza tölegleri 80 ýewro  bolar

Ylalaşyga laýyklyka ÝB-niň 100-den gowrak ýurduň raýatlaryna goýan wiza düzgüninde tölegler ýokarlandyrylar.

Şol çäkde ÝB-ne agza ýurtlara wiza ýüztutmalaryndan alynýan 60 ýewro töleg 80 ýewro göteriler.

Wiza tölegi talyplardan, ylmy barlagçylardan we 12 ýaşyna ýetmedik çagalardan alynmaýar.

Sungat işgärleri, hünärmen türgenler we ýygy syýahat edýänler üçin köp gezeklik wiza şerti dörediler.

Wiza ýüztutmasy syýahatdan 6 ozal edilip bilner.

Ylalaşygyň güýje girmegi üçin Ýewropa Parlamentiniň we ÝB Geňeşiniň resmi tassyklanamasy gerek.



Degişli Habarlar