ABŞ Siriýa esger getirdi

ABŞ-nyň harby güýçlerini yza çekiş tapgyryna goldaw bermek üçin ugradan 600-e golaý esger Siriýa bardy

1134241
ABŞ  Siriýa esger getirdi

Siriýadaky ýerli çeşmelerden alynan maglumata görä 600-e golaý Amerikan esgeri düýn Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky Harab Yşk we Syrrin harby howa bazalaryna bardy

Esgerleriň toparlar görnüşinde bazalara orbaşjakdygy, harby goşun çekilmäge başlan halatynda Harab Yşk we Syrrin bazalaryny esasy çykyş merkezleri hökmünde peýdalanyljakdygy habar berildi.

Hasaka welaýatynyň demirgazyk gündogaryndaky Rumeýlan we demirgazygyndaky Tel Beýder etraplarynda ýerleşýän bazalar bolsa agyr ýaraglaryň hem-de enjamlaryň howa ýoly bilen çykarylmagy üçin peýdalanylar.

ABŞ-nyň Goranmak ministrligi penşenbe güni Siriýadan çekiliş tapgyryna goldaw bermek üçin goşmaça esger ugradandygyny habar beripdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp 2018-nji ýylyň dekabr aýynyň 19-da we 20-de beren beýannamalarynda Siriýa barmaklarynyň ýeke-täk sebäbi bolan DAİŞ-e garşy göreşi tamamlandyklaryny yglan edipdi.



Degişli Habarlar