Tramp Wenesuellanyň Milli mejlisiniň başlygy Guaidony “wagtlaýyn prezident” hökmünde ykrar etdi

Tramp Wenesuelladaky soňky ýagdaý hakynda maglumat berdi

1132347
Tramp Wenesuellanyň Milli mejlisiniň başlygy Guaidony “wagtlaýyn prezident” hökmünde ykrar etdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Wenesuellanyň Milli mejlisiniň başlygy Huan Guaidony ýurduň “wagtlaýyn prezidenti” hökmünde ykrar edýändigini mälim etdi.

Tramp mesele hakynda beren ýazmaça beýanatynda Wenesuelladaky soňky ýagdaý hakynda maglumat berdi.

Tramp beýanatynda “Şu gün resmi taýdan Wenesuellanyň Prezidenti Huan Guaidony Wenesuellanyň wagtlaýyn prezidenti hökmünde ykrar edýärin. Wenesuellanyň halky tarapyndan saýlanan ýeke-täk hökümet ulagy bolan Milli Mejlis, Nikolas Maduronyň ýolbaşçylygyndaky hökümetiň legal bolmandygyny yglan etdi we prezidentiň kürsüsi boşaldy” diýdi

 

 



Degişli Habarlar