Orta aralykly atom güýçler şertnamasy üçin geçirlen gepleşikler netije bermedi

ABŞ bilen Russiýanyň arasynda Orta aralykly atom güýçler şertnamasy üçin geçirlen gepleşikler netije bermedi

1127983
Orta aralykly atom güýçler şertnamasy üçin geçirlen gepleşikler netije bermedi

ABŞ bilen Russiýanyň arasynda Orta aralykly atom güýçler şertnamasy üçin Şweýsariýanyň Ženewa şäherinde geçirlen gepleşikler netije bermedi.

ABŞ-nyň wekili Andrea Thomson ýurdunyň 1987-nji ýylda baglaşylan şertnamadan çekilmegi baradaky 6 aýlyk etabyň 2-nji fewralda başlamagy üçin taýarlyk görýändigini mälim etdi.

ABŞ Russiýany birnäçe wagtdan bäri şertnamany basgylamakda günäkärleýär.

Russiýa bolsa şertnamanyň dowam etmegi üçin Ýewropadan goldaw sorady we ABŞ-na hödürlän teklipleriniň ýerine ýetirilmändigini aýan etdi.

Şertnama 500- 5500 kilometr menzile eýe bolan raketalaryň gadagan edilmegini göz öňünde tutýar.

 


Etiketkalar: #şertnama , #Russiýa , #ABŞ , #netije

Degişli Habarlar