Ýemende holera sebäpli 5 adam ýogaldy

Etrapda geçirlen saglyk barlagynda 44 adam hem epidemiýa sebäpli berjergi astyna alyndy

1126937
Ýemende holera sebäpli 5 adam ýogaldy

Ýemeniň günortasynda ýerleşýän Lahij şäherinde holera epidemiýasy sebäpli 5 adam ýogaldy.

Saglygy goraýyş ministrligi tarapyndan taýarlanan habarnama görä, Lahij şäheriniň Ýafi etrabynda ýekşenbe gününden bäri holera sebäpli 3 erkek bilen 2 zenan ýogaldy.

Etrapda geçirlen saglyk barlagynda 44 adam hem epidemiýa sebäpli berjergi astyna alyndy

Saud Arabystanynyň ýolbaşçylygyndaky hyzmatdaş güýçleri tarapyndan goldanýan Prezident Abdurabbu Mansur Hadi güýçleri bilen Husileriň arasyndaky çaknyşyklar sebäpli Ýemen holera ýaly birnäçe epidemiýa garşy göreşýär

 

 

 

 

 


Etiketkalar: #Ýemen , #holera , #epidemiýa

Degişli Habarlar