Palestina BMG-na doly agzalyk üçin ýüz tutmaga taýarlanýar

Palestinanyň 193 agzaly guramada “agza bolmadyk synçy döwlet” statusy bar

1126689
Palestina BMG-na doly agzalyk üçin ýüz tutmaga taýarlanýar

 

Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad Al Maliki, ýurdunyň birnäçe hepdäniň içinde BMG-na doly agzalyk üçin ýüz tutjakdygyny mälim etdi.

Palestinanyň Daşary işler ministri Riýad Al Maliki, Palestinanyň BMG-nyň Baş Assambleýasynda ösüp barýan ýurtlardan ybarat G77+Hytaý toparynyň döwürleýin ýolbaşçylygyny öz üstüne almagyndan soň metbugata beýanat berdi.

ABŞ-nyň Palestinanyň BMG-na doly agzalygyny weto etjekdigini bilýändiklerini emma bu ýagdaýyň doly agzalyk üçin ýüz tutmaklarynyň öňüni alyp bilmejekdigini aýdan Maliki, Palestinanyň birnäçe hepdäniň içinde BMG-na doly gazalyk üçin ýüz tutjakdygyny belledi.

BMG-na agza bolmadyk Palestinanyň 193 agzaly guramada “agza bolmadyk synçy döwlet” statusy bar.

 

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar