Los Anželesde mugallymlar iş taşlady

32 müňden gowrak mugallym iş taşlady

1125703
Los Anželesde mugallymlar iş taşlady

 

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Los Anželes şäherinde 32 müňden gowrak mugallym iş taşlady.

Iş taşlaýyş sebäpli 600 müňe golaý okuwçy okuwlaryna arakesme bermeli boldy.

ABŞ-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde berlen habarlara görä, ýurduň iň uly mekdepler zolagy bolan şäherde Mugallymlar bileleşigi atly kärdeşler arkalaşygy bilen Los Anželesiň bilim müdürliginiň arasynda geçirlen gepleşiklerde ylalaşyk gazanylyp bilinmedi.

Taraplar şäherdäki müňe golaý mekdep üçin has kiçi synyplaryň açylmagy, mugallymlaryň aýlyk günlükleriniň artdyrylmagy meselesinde ylalaşyk gazandy emma gaznanyň mukdary meselesinde ylalaşyk gazanyp bilmedi.

Gepleşiklerde ylalaşyk gazanylyp bilinmändigi sebäpli şäherdäki 32 müňden gowrak mugallym iş taşlady.

Şäherde mugallymlar 30 ýyldan gowrak wagt bäri ilkinji gezek iş taşlady.

 

 

 

 



Degişli Habarlar