Kataryň Emiri ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeony kabul etdi

Maýk Pompeo Ýakyn Gündogar ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Katara bardy

1124920
Kataryň Emiri  ABŞ-nyň Döwlet sekretary  Pompeony kabul etdi

Kataryň Emiri Şyh Temim Bin Hamed Al Sani resmi sapar bilen ýurduna gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeony kabul etdi.

Kataryň QNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Şyh Temim paýtagt Dohadaky Al Bahr köşgünde Ýakyn Gündogar ýurtlaryna guraýan saparynyň çäginde Katara baran ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeony kabul etdi.

Kabul edilşikde sebitara we halkara meseleler bilen birlikde iki ýurduň arasynda ykdysadyýet, söwda, howpsyzlyk we goranyş senagaty boýunça edilýän gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şyh Temim bilen Pompeo Pars aýlag krizisi, Ýakyn Gündogardaky paragatçylyk etaby, Palestina, Owganystan, Siriýa we terrora garşy göreş barada hem pikir alyşdy.

Kataryň Emiri Temim ABŞ-nyň Katardaky Al Ubeýde howa bazasynda oýnaýan aktiw roly sebäpli Pompeo minnetdarlyk bildirdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeony Katardan soň Saud Arabystanyna gitdi.

 



Degişli Habarlar