ABŞ-nyň Döwlet sekretary garaşylmadyk ýagdaýda Yraga bardy

Pompeo Bagdatda ilki Prezident Berhem Salih bilen duşuşdy

1122689
ABŞ-nyň Döwlet sekretary garaşylmadyk ýagdaýda Yraga bardy

 

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo garaşylmadyk ýagdaýda Yraga bardy.

Maýk Pompeo paýtagt Bagdatdaky halkara howa menzilinde Mejlisiň başlygy Muhammed Halbusi tarapyndan garşylandy.

Pompeo Bagdatda ilki Prezident Berhem Salih bilen duşuşdy.

Prezident Salih bilen Pompeo Selam köşgünde metbugata ýapyk häsiýetinde bolan duşuşykda sebitdäki howpsyzlyk meselesi hakynda pikir alyşdy.

Salih duşuşykda parahatçylygyň we howpsyzlygyň üpjün edilmegi, dartgynlygyň ortadan aýrylmagy üçin degişli taraplaryň arasyndaky gepleşikleriň ähmiýetini nygtady.

Prezident Salih radikallygyň we terroryň ortadan aýrylmagy üçin sebitara we halkara hyzmatdaşlygyň artdyrylmalydygyna ünsi çekdi

Yragyň Prezidenti Salih dost we hyzmatdaş ýurtlar bilen deňagramly gatnaşyk etmek isleýändiklerini belledi.

Pompeo hem ABŞ-nyň Yragy syýasy, howpsyzlyk we ykdysadyýet taýdan esasy hyzmatdaş hökmünde görýändigini, Yragyň ýaňadandan dikiledilmegi meselesinde esasan terror guramasy DAIŞ-den halas edilen ýerlere maýa goýulmagyna goşant goşmaga taýardyklaryny nygtady.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Pompeo, Prezident Salih bilen bolan duşuşygyndan soň Yragyň Premýer ministri Abdulmehdi bilen duşuşdy.

 

 



Degişli Habarlar