Palestinanyň Prezidenti Abbas resmi sapar bilen Müsüre bardy
" ABŞ we Ysraýyl sebäpli Palestina uly kynçylygy başdan geçirýär"
Resmi sapar bilen Müsüre baran Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas saparynyň çäginde beren beýanatynda Palestinanyň uly kynçylyga sezewar bolýandygyny emma Palestinanyň hökümetiniň boýun egmejekdigini aýtdy
Abbas ABŞ we Ysraýyl sebäpli Palestinanyň uly kynçylygy başdan geçirýändigini belledi.
ABŞ-nyň ilçihanasyny İýerusalyme göçürendigini ýatladan Abbas, şol karardan soň palestinaly ýolbaşçylaryň Amerikaly ýolbaşçylar bilen aragatnaşyk saklamagyny gadagan edendigini nygtady.
Palestina meselesinde ýetilen soňky sepgidi ara alyp maslahatlaşmak üçin 3 günlük resmi sapar bilen düýn Müsüre baran Abbasyň Müsüriň Prezidenti Abdulfettah As Sisi bilen birlikde Müsürli ýokary derejeli ýolbaşçylar bilen gepleşik geçirmegine garaşylýar
Degişli Habarlar
Halkara Günägeçişlik guramasy Ysraýyly Gazada “Genosid” Edýänlikde Günäkärledi
Bu barada Guramanyň Baş sekretary Agnes Kallamard halkara jemgyýetçiligine çagyryş etdi.