Owganystanda howpsyzlyk güýçleri bilen Talibanlylaryň arasynda ýaragly çaknyşyk boldy

Owganystanyň demirgazygyndaky Balh welaýatynda Talibana agza terrorçylar bilen Howpsyzlyk güýçleriniň arasynda bolan ýaragly çaknyşykda 2 howpsyzlyk gullukçysy ýogaldy, Talibana agza 11 terrorçy bolsa öldürildi

1117242
Owganystanda howpsyzlyk güýçleri bilen Talibanlylaryň arasynda ýaragly çaknyşyk boldy

Balh welaýatynyň Içeri işler edarasynyň resmisi Abulrazyk Kadiri, Talibana agza terrorçylaryň Balh welaýatynyň Çemtal etrabyna hüjüm gurandygyny, şol sebäpli çaknyşygyň başlandygyny habar berdi. 

Çaknyşykda 2 howpsyzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny, 4-siniň bolsa ýaralanandygyny aýdan Kadiri: "Talibana agza 11 terrorçy öldürildi, 10 agzasy bolsa ýaralandy" diýdi. 

Kadiri, sebitiň guramadan saplanmagy üçin operasiýanyň başladylandygyny habar berdi. 

Taliban tarapyndan berilen beýanatda bolsa, çaknyşykda 8 polisiň ölendigi öňe sürüldi. 

 


Etiketkalar: #Balh , #Owganystan , #Taliban

Degişli Habarlar