Beýik Britaniýada pyçakly hüjüm guraldy
Beýik Britaniýanyň Mançester şäherinde düýn gije guralan pyçakly hüjümiň netijesinde 3 adam ýaralandy.
1117060
Mançester şäheriniň Polisiýa gullugy, Twitter hasabynyň üsti bilen beren beýanatynda, Wiktoriýa otly bekedinde başdan geçirilen wakada ýaralanan adamlaryň biriniň polisiýa işgäridigini habar berdi.
Hüjümçi polisiýa işgärleri tarapyndan gysga wagtyň içinde tussag edildi.
Waka bilen baglanşykly berilen beýanatda, hüjümçiniň terror guramalary bilen arabaglanşykly bolup-bolmandygynyň entek anyklanmandygy, derňew işiniň dowam edýändigi mälim edildi.
Mançester şäherinde 2017-nji ýylyň maý aýynda Ariana Grandeniň konsertinde guralan kamikaze hüjüminde 22 adam ýogalypdy.