Tramp Siriýada DAIŞ-iň dolulygyna diýen ýok bolandygyny beýan etdi

ABŞ-niň Prezidenti Donald Tramp, Siriýada DAIŞ-iň dolulygyna diýen ýok bolandygyny habar berdi

1116844
Tramp Siriýada DAIŞ-iň dolulygyna diýen ýok bolandygyny beýan etdi

Tramp Twitter hasabyndan Siriýa bilen bagly setirler paýlaşdy. 

Tramp: "Siriýada edenimi başga biri eden bolsa milli gahryman diýip yglan edilerdi. DAIŞ dolulygyna diýen ýaly ýok boldy. Harbylarymyzy ýuwaş-ýuwaş maşgalalarynyň ýanyna iberýäris, şol bir wagtda DAIŞ-iň galan bölegine garşy söweşýäris" diýdi. 

Tramp başga bir hatynda bolsa: "Men Siriýadan we beýleki ýerlerden çykmaga synanyşýaryn. Indi ýalan habarlar ýazýan media guramalary we käbir şowsyz generallar meni we işe ýaraýan taktikalarymy şikaýat edýärler" diýip belledi. 

Tramp tankydy sözlerini dowam etdirip: "Bolýar kabul edeliň, netijesi meniň aýdýanymdan has hem gowy boldy. Men hiç gutarmaýan söweşe garşy boldym, ýatladaryn!" diýdi. 

 


Etiketkalar: #Donald Tramp , #Twitter

Degişli Habarlar