ÝPG/PKK Manbijde täze tuneller gazýar

Siriýada ekstremist terror guramasy ÝPG/PKK, Ýewfrat derýasynyň günbatarynda ýerleşýän Manbijiň etrap merkeziniň töwereginde täze tuneller gazmaga başlady

1114729
ÝPG/PKK Manbijde täze tuneller gazýar

 

Elektrik toklar çekilip, ýagtyldylan tunellerde gurluşyk enjamlary we arabalar bar. 

Egilmän we enjamlar bilen arkaýynlyk bilen ýöräp boljak ýagdaýda gazylan tuneller etrabyň merkeziniň daşyndan geçirilipdir. 

Terrorçylar gaýalyk ýerlerde gazan tunelleri bilen howa hüjümlerinden goranmagy we gaçmagy maksat edinýär. 

Emeli hemralar bilen alynan wideoda hem tuneller, inçe ak çyzgylar ýagdaýynda görüp bolýar. 

 


Etiketkalar: #PKK , #ÝPG , #tunel , #terrorçy

Degişli Habarlar