Indoneziýada sunami apaty başdan geçirildi

Indoneziýanyň Sunda bogazynda başdan geçirilen sunamide 62 adam ýogaldy, 584 adam bolsa ýaralandy

1111848
Indoneziýada sunami apaty başdan geçirildi
endonezya tsunami2.jpg
endonezya tsunami1.jpg

 

Milli Apat dolanşygy agentliginiň metbugat geňeşçisi Sutopo Purwo Nugroho beren beýanatynda, Sumatra we Ýawa adasynyň arasyndaky Sunda bogazynda başdan geçirilen sunamide hadysasynda 62 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

584 adamyň ýaralanandygyny we 20 adamyň bolsa dereksiz ýitendigini aýdan Nugroho, Pandenglang sebitindäki Banten welaýatynyň sunamiden iň köp täsir alan ýerdigini mälim etdi.

Nugroho sebitde 430 öý we 9 myhmanhana bilen birlikde 10 gaýyga zeper ýetendigini beýan etdi.

Sebitdäki Anak Krakatau wulkanyndaky soňky partlamalaryň sunaminiň döremegine sebäp bolan bolup biljekdigi mälim edildi.

Sunaminiň täsir ýetiren ýerlerde giň-gerimli gözleg we halas ediş işleriniň dowam edýändigi, sunaminiň kenarýaka ýerlerdäki ençeme syýahatçylyk zolagyna täsir ýetirendigi sebäpli ýogalan adamlaryň sanynyň artmagyna alada bildirilýändigi habar berildi.

Anak Krakatau wulkanynyň herekete geçmegi sebäpli sentýabr aýynda sebitdä iň ýokary 2-nji derejeli duýduryş berilipdi.

28-nji sentýabrda ýurdyň Sulawesi adasyndaky Palu aýlagynda bolan 7,5 bal ululygyndaky ýer titremede we ondan soň bolan sunamide, 2 müňden gowrak adam ýogalandygy, 1500-e golaý adamyň bolsa dereksiz ýitendigi beýan edilipdi.


Etiketkalar: #Indoneziýa , #sunami

Degişli Habarlar