ABŞ-nyň Goranmak ministri wezipesinden çekilýär

Mattis fewral aýynyn ahyrynda wezipesinden çekiler we hormatly dynç alyşa çykar

1110945
ABŞ-nyň Goranmak ministri wezipesinden çekilýär

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Goranmak ministri Jeýms Mattisiň fewral aýynyn ahyrynda wezipesinden çekiljekdigini we hormatly dynç alyşa çykjakdygyny aýtdy.

Prezident Tramp Twitter arkaly beren beýanatynda “General Mattis häkimiýetim döwründe 2 ýylyň dowamynda Goranmak ministri wezipesini ýerine ýetirenden soň fewral aýynyn ahyrynda hormatly dynç alyşa çykar. Onuň Goranmak ministri wezipesini ýerine ýetiren döwründe esasan täze harby enjamlaryn alynmasy taýdan uly öňe gidişlik edildi” diýdi.

Tramp “Täze Goranmak ministrini hem gysgwa wagtda bellärin, eden hyzmatdaşlary üçin Jime sag bolsun aýdrýaryn” diýdi.

ABŞ-nyň Goranmak ministri Mattis bolsa “garaýyş tapawutlylygy” sebäpli wezipesinden çekiljekdigini öňe sürdi.



Degişli Habarlar