“Türk hyzmatdaşlarymyza ynanmazlyk üçin hiç hili sebäp görmeýäris”

ABŞ-niň Döwlet sekretarlygy 3,5 milliard dollar gymmadyndaky Patriot howa we raketa goranyş ulgamlarynyň Türkiýä satylmagyny makullapdy

1109932
“Türk hyzmatdaşlarymyza ynanmazlyk üçin hiç hili sebäp görmeýäris”

 

Kremliň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskow, ABŞ-niň Patriot ulgamlarynyň Türkiýä satylmagynyň Rus S-400 ulgamlarynyň satuw etaby bilen arabaglanşykly däldigini we rus-türk ylalaşygynyň dowam edýändigini habar berdi.

Peskow ABŞ-niň Türkiýä Patriot howa we raketa goranyş ulgamlaryny satmak etabynyň Russiýanyň S-400 howa goranyş ulgamlarynyň satuwy bilen arabaglanşykly bolmandygyna ünsleri çekip: “Häzirki wagtda türk kärdeşlerimiz bilen baglaşylan ylalaşygymyzyň düzgünlerini berjaý edýäris. Bilişiňiz ýaly, S-400 taslamasy we ylalaşygy taýarlyk çäginde we bu mundan beýläk hem dowam eder” diýip habar berdi.

Türkiýäniň S-400 howa goranyş ulgamlary bilen bagly maglumatlary aýan etmejekdigini aýdan Peskow, Russiýanyň beýleki ýurtlar bilen edýän harby-tehniki hyzmatdaşlygynda tankydy maglumatlaryň paýlaşylmazlygy babatynda kanuny jogapkärçilikleriniň bardygyny beýan etdi.

Peskow: “Türk hyzmatdaşlarymyza ynanmazlyk üçin hiç hili sebäp görmeýäris” diýip nygtady.

ABŞ-niň Döwlet sekretarlygy 3,5 milliard dollar gymmadyndaky Patriot howa we raketa goranyş ulgamlarynyň Türkiýä satylmagyny makullapdy.



Degişli Habarlar