Fransiýada litseýde okaýan okuwçylar bilim syýasatyna garşy ýene ýöriş geçirdi

Litseýde okaýan okuwçylar 2 hepdeden bäri ýurduň çar tarapynda protest ýörişlerini geçirýär

1109525
Fransiýada litseýde okaýan okuwçylar bilim syýasatyna garşy ýene ýöriş geçirdi

Fransiýanyň paýtagty Parižde litseýde okaýan okuwçylar Prezident Emmanuel Makronyň bilim syýasatyna garşydyklaryny görkezmek üçin ýene protest ýörişini geçirdi.

Okuwçy arkalaşyklarynyň çagyryşyna laýyklykda ýüzlerje okuwçy bilim ulgamyna girizilen üýtgetmelere garşylyk görkezmek üçin Parižiň Deskartes köçesinde bir ýere jemlenişdi.

Republik meýdanyna tarap ýörän okuwçylar Makrona garşy şygarlar aýtdy.

 Litseýde okaýan okuwçylar 2 hepdeden bäri Prezident Makronyň we hökümetiň alyp barýan bilim syýasatyna garşylyk görkezmek üçin ýurduň çar tarapynda protest ýörişlerini geçirýär.

Geçen hepde hem  ýurtda “gara sişenbe” ady bilen ýöriş geçirlipdi.

Protest ýörişleri sebäpli 450 litseýde okuwlara arakesme berilmeli boldy.

5-nji dekabrda geçirlen ýörişlerde 32, 6-njy dekabrda geçirlen ýörişlerde bolsa 700-den gowrak okuwçy saklandy.



Degişli Habarlar