Halkara bosgunlar ylalaşygy kabul edildi

Halkara bosgunlar ylalaşygy BMG-nyň Baş Assambleýasynda 181 ýurduň goldaw bermeginde kabul edildi

1108801
Halkara bosgunlar ylalaşygy kabul edildi

ABŞ bolsa bosgunlar we bosgunlary kabul eden ýurtlar bilen jogapkärçiligiň paýlaşylmagynda has adalatly tutumyň alnyp barylmagyny goldaýan, bosgun meselesini halkara derejesinde seljerýän ylalaşyga garşy çykdy.

Iki ýyl dowam eden gepleşiklerden soň Halkara bosgunlar ylalaşygy BMG-nyň Baş Assambleýasynda sese goýuldy.

Halkara bosgunlar ylalaşygy 181 ýurduň goldaw bermeginde kabul edildi.

ABŞ bolsa özygtyýarlylyk hukuklaryna sarpa goýulmaýandygy sebäpli ylalaşyga garşy ses berdi.

Wengriýa hem ABŞ ýaly ylalaşyga “garşy” ses berdi.

Dominika Respublikasy, Eritreýa we Liwiýa bolsa ses bermekden saklandy.

BMG-nyň Bosgunlar ýokary komisarlygyna görä, dünýäde 25,4 milliondan gowrak bosgun bar.

Şol bosgunlaryň esasy bölegi bolsa diňe 10 ýurtda ýaşaýar.

Türkiýe 3,5 milliondan gowrak bosguny kabul eden esasy ýurtlardan biri


Etiketkalar: #bosgun , #ylalaşyk

Degişli Habarlar