Ysraýylda palestinalylaryň sürgüni üçin taýarlyklar görülýär

Kanun taslamasynyň güýje girmegi üçin Ysraýylyň hökümetinden soň, taslamanyň parlamentde hem tassyklanmagy gerek

1108162
Ysraýylda palestinalylaryň sürgüni üçin taýarlyklar görülýär

 

Ysraýylyň Ministrler kabinetiniň mejlisiniň Kanun çykaryjy komissiýasy, Ysraýylyň raýatlarynyň öldürilmeginden jogapkär palestinalylaryň maşgalalarynyň Günbatar Şeriadaky öýlerinden çykarylmagy bilen bagly kanun taslamasyny tassyklady.

Yedioth Ahronoth gazediniň berýän habaryna görä, Ysraýylyň raýatlaryny öldüren palestinalylaryň maşgalalarynyň Günbatar Şeriadaky öýlerinden kowulmagyny üpjün edýän kanun taslamasy tassyklandy.

Aşa sagjy Ýehudi öýi partiýasynyň deputaty Moti Ýogew tarapyndan hödürlenen kanun taslamasyna görä, bir jöhidiň ölümine sebäp bolan operasiýany guran adamyň 1-nji derejedäki ýakynlary 7 günüiň içinde Günbatar Şeriadaky öýlerinden kowulyp, Günbatar Şeriada başga bir öýe sürgün ediler.

Kanun taslamasynyň güýje girmegi üçin Ysraýylyň hökümetinden soň, taslamanyň parlamentde hem tassyklanmagy gerek.

Gazediň berýän habaryna görä, hökümetiň adalat boýunça maslahatçysy Awiçai Mandelbit, hukuga bap gelmeýändigini belläp, kanun taslamasyna garşy bolýar.

Mandelbit, degişli kanun taslamasynyň halkara hukuga ters gelýändigi bilen baglanşykly taýarlan habarnamasyny ozal hökümetiň kanun çykaryjy komissiýasynyň garamagyna hödürläpdi.

Mendelblit maşgalanyň ýaşaýan öýünden çykarylmagy üçin maşgalanyň eden-etmiş bilen gönüden göni baglanşygynyň bolmalydygyny nygtaýar.



Degişli Habarlar