Portugaliýada tiz kömek dikuçary ýere gaçdy

Wakada 4 adam ýogaldy

Portugaliýada tiz kömek dikuçary ýere gaçdy

 

Portugaliýanyň demirgazygyndaky Porto şäheriniň Walongo etrabynda, bir tiz kömek dikuçarynyň ýere gaçmagy netijesinde 4 adam ýogaldy. 

Portugaliýanyň Lusa agentliginiň berýän habaryna görä, Gyssagly saglygy goraýyş institutyna degişli tiz kömek dikuçary, saglyk ýagdaýy agyr bolan syrkawy Santo Antonio de Porto hassahanasyna alyp gideninden soň, bazasyna gaýdyp gelýärkä ýere gaçdy. 

Wakada 2 uçarman bilen 1 lukman we 1 şepagat uýasy ýogaldy. 

"Augusta A109S" kysymly dikuçaryň, aşa ýagýan ýagyş sebäpli emele gelen ýaramaz howa şertleri sebäpli dikuçaryň propelleriniň elektrik tok diregine süsmegi netijesinde ýere gaçandygy çak edilýär. 



Degişli Habarlar