ÝB Ukrainany durnuksyzlaşdyrandygy sebäpli Russiýa goýlan embargolaryň möhledini ýene-de 6 aý uzatdy

Ýewropa Bileleşigi Ukrainany durnuksyzlaşdyrandygy sebäpli Russiýa ykdysady taýdan goýlan embargolaryň möhlediniň ýene-de 6 aý uzadylmagy barada karar kabul etdi

1106555
ÝB Ukrainany durnuksyzlaşdyrandygy sebäpli Russiýa goýlan embargolaryň möhledini ýene-de 6 aý uzatdy

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde düýn agsam geçirlen ÝB-niň liderler maslahatyndan soň Twitter arkaly beýanat beren ÝB Geňeşiniň başlygy Donald Tusk, ÝB tarapyndan Russiýa goýlan ykdysady embargolaryň 8-nji gezek uzadylmagy barada kararyň kabul edilendigini belledi.

Tusk ýüzlenmesinde “ÝB,  bir agyzdan ses berilmegi netijesinde Minsk ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi üçin hiç hili tagalla etmedik Russiýa garşy goýlan ykdysady embargolaryň möhledini uzatdy” diýdi.

ÝB ilkinji gezek 2014-nji ýylda Russiýa garşy ykdysady taýdan embargo goýupdy.

Uzadylan ykdysady embargo laýyklykda ÝB-ne agza 28 ýurt Russiýa ýarag satmaýar

Embargolar  Russiýanyň ÝB-ne agza ýurtlardan nebit-gaz pudagynda ylanylýan käbir tehnalogiýalary almagyny hem çäklendirýär.



Degişli Habarlar