Ysraýylyň polis güýçleri palestinaly ýaşlardan birini şehit etdi

Waka adam hukuklary guramalary reaksiýa bildirdi

1106005
Ysraýylyň polis güýçleri palestinaly ýaşlardan birini şehit etdi

Ysraýylyň Polis gullugynyň metbugat sekretary Miski Rosenfeld şahsyýeti anyklanmadyk raýatlardan biriniň İýerusalimiň Gadymy şäher etrabyndaky polis merkezine “pyçakly hüjüm” guramaga synanşandygyny, polis güýçleriniň od açmagy netijesinde hüjümçiniň täsirsiz ýagaýa getirilendigini habar berdi.

Rosenfeld wakada 2 Ysraýyl polisiniň ýeňil ýaralanandygyny aýtdy.

Beýleki tarapdan Ysraýylyň “Haares” we “Ýediot Ahronot” gazetleriniň habarlarynda palestinalydygy beýan edilýän raýatyň Ysraýyl polisi tarapyndan öldürilendigi nygtalýar.

Ysraýyla degişli howpsyzlyk güýçleri “pyçakly hüjüm synanşygy” ýa-da “ulag bilen kakma synanşygy” bahanasy bilen palestinalylara garşy kanun bozmalaryny dowam etdirýän bolsa, adam hukuklary guramalary Ysraýyly palestinalylary nähak jezalandyrmakda günäkärleýär.

 


Etiketkalar: #Palestina , #hüjüm , #polis , #Ysraýyl

Degişli Habarlar