ÝAD Husni Mubaragyň ýüz tutmasyny kabul etmedi
Mubaragyň we maşgala agzalarynyň Ýewropadaky ähli gaznalarynyň hem-de emlägininiň saklanmagy barada karar kabul edilipdi
mübarek dava.jpg?time=1738866708)
Ýewropanyň Adalat Diwany Müsüriň iş başyndan çetleşdirilen lideri Husni Mubaragyň ÝB-ne agza ýurtlaryndaky ähli emläkleriniň saklanmagy baradaky kararyň bes edilmegi üçin eden ýüztutmasyny kabul etmedi
Merkezi Lýuksemburgda ýerleşýän Ýewropanyň Adalat Diwanyna tabynlykdaky Umumy kazyýet Mubaragyň ÝB Geňeşine garşy gozgan kazyýet işi barada höküm çykardy.
Kazyýet ÝB Geňeşiniň Müsüriň döwlet gaznalaryndan hyýanatçylykly peýdalanylandygy sebäpli Mubaragyň ÝB-ne agza ýurtlardaky emläginiň saklanmagy hakyndaky kararynyň güýjüni saklaýandygyny habar berdi.
ÝB Geňeşi Müsürde 2011-nji ýyldaky ynkylapdan soň Mubaragyň we maşgala agzalarynyň Ýewropadaky ähli gaznalarynyň hem-de emlägininiň saklanmagy barada karar kabul edipdi.
Mubarak şol kararyň 2017-2018-nji ýyllarda dowam etdirilmeginiň hukuga bap gelmeýändigi sebäpli Lýuksemburgyň kazyýetine ýüz tutupdy.
Degişli Habarlar

Filippinlerde kiçi uçar heläkçilige uçrady
Filippinleriň günortasynda kiçi uçaryň ýere gaçmagy netijesinde 4 adam ýogaldy

Ukrainanyň goşuny Russiýanyň Krasnodar sebitindäki howa baza hüjüm gurady
Ukrainanyň goşuny Russiýanyň Krasnodar sebitindäki Primorsko-Ahtarsk howa bazasyna hüjüm gurady