“Türkiýe bilen ABŞ bolmazdan Siriýa meselesi çözülip bilinmez"

Jeffi Ankarada geçirlen Siriýa temaly bilelikdäki iş toparynyň 3-nji maslahatyndan soň metbugata beýanat berdi

1102833
“Türkiýe bilen ABŞ bolmazdan Siriýa meselesi çözülip bilinmez"

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Siriýa boýunça ýörite wekili Jeýms Jeffri “Türkiýe bilen ABŞ bolmazdan Siriýa meselesiniň çözülip bilinmez” diýdi

Jeffi Ankarada geçirlen Siriýa temaly bilelikdäki iş toparynyň 3-nji maslahatyndan soň metbugata beýanat berdi.

ABŞ-nyň wekili maslahatda Ýefradyň gündogaryndan İdlibe çenli Siriýa meselesini ähli taraplaýyn seljerendiklerini nygtady.

Manbij iş meýilnamasynyň çäginde gözegçilik merkezleriniň öz işini dowam etdirýändigini aýdan Jeffi, “ ABŞ-nyň Manbij iş meýilnamasynyň çäginde PÝD bilen ÝPG-nyň agzalarynyň aýrylmagy, ýerli geňeşleriň we ýerli harby hünärmenleriň şol guramalaryň agzalaryndan saplanmagy üçin beren wadasynda durmagy üçin degişli barlaglary geçirýäris. Üstümizdäki ýylyň ahyryna çenli şol işleriň bir bölegi tamamlanar” diýdi.

Siriýada syýasy etabyň dowam etdirilmezliginiň jogapkäriniň Başar Asadyň ýolbaşçylygyndaky hökümetdigini aýdan Jeffri “ Mundan ne Astana etaby, ne Russiýa, ne Eýran ne-de uly tagalla edýän Türkiýe jogapkär” diýdi.

Jeffi terror guramasy ÝPG bilen PKK-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyndaky soraga “ SDG bilen DAIŞ-e garşy göreş üçin hyzmatdaşlyk edýäris” diýip jogap berdi.

DAIŞ-e garşy çaknyşyklaryň esasan Deýrizor welaýatynyň Hejin etrabynda güýçlenmek bilen dowam edýändigini aýdan Jeffi, terror guramasy DAIŞ-iň Siriýanyň gündogarynda ýaňadandan täsiriniň güýçlenmegine alada bildirýändiklerini nygtady.

 

 

 

 

 



Degişli Habarlar