Tillerson Trampy “kadasyz” hökmünde häsiýetlendirdi

“Meniň üçin kadasyz, okamagy halamaýan, habarnamalary okamaýan we diňe men muňa ynanýaryn” diýen adam bilen işleşmek gaty kyndy”

1102877
Tillerson Trampy “kadasyz” hökmünde häsiýetlendirdi

 

ABŞ-nyň ozalky Döwlet sekretary Reks Tillerson, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampy “kadasyz”bolmakda günäkärledi, Tramp bolsa Twitter arkaly Tillerson “Bir gaýa ýaly samsykdy” diýdi.

Tillerson Amerikan JBS telewideniýe kanalynda Bob Şiffere Donald Trampy gürrüň berdi.

Tillerson Tramp bilen işleşen döwrü barada “Meniň üçin kadasyz, okamagy halamaýan, habarnamalary okamaýan we diňe men muňa ynanýaryn” diýen adam bilen işleşmek gaty kyndy”diýdi.

Twitter arkaly ýerliksiz ýüzlenmeler berýän Trampy tankyt eden ABŞ-nyň ozalky Döwlet sekretary Tillerson, Amerikan halkynyň Tramyň Twitter ýüzlenmeleri bilen çäklenmeginiň özüni bynjalyk edýändigini nygtady.

Tillerson Trampyň ilkinji kabinetinde döwlet sekretary hökmünde bir ýyldan gowrak iş alyp bardy.

Tramp bilen esasan Demirgazyk Koreýa we Pars aýlag ýurtlary meselesinde alyp baran syýasatlaty sebäpli düşnüşip bilmedik Tillerson, Tramp tarapyndan 13-nji martda wezipesinden boşadylydy.

 



Degişli Habarlar